Türkmenistanyň toparyny olimpiýa oýunlaryna ugradyş dabarasy

19 Iýul 2021
992

16-njy iýulda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki «Sport» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow, şeýle hem Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, ýurdumyzyň milli sport merkezleriniň, federasiýalarynyň ýolbaşçylary, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar.

XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary 23-nji iýul — 8-nji awgust aralygynda Tokio şäherinde geçiriler.

(TDH-niň maglumatlary boýunça taýýarlanyldy)