Halkara sport bäsleşikleriniň mekany

14 Iýul 2021
1391

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen Watanymyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil çagalary ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler biziň her birimizi buýsandyrýar.

Gözel paýtagtymyzda dünýäni haýran edýän sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi buýsanjymyza buýsanç goşýar. Aşgabatda ähli amatlyklary bolan dürli sport desgalarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi paýtagtymyzyň bezegine we onuň ýaşaýjylarynyň guwanjyna öwrüldi.

Maksat SAIPOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni.