Garagum — türkmen tebigatynyň görki

24 Iýun 2021
1711

Gumda bolup görmediklere onuň üýtgeşik gözelligini göz öňüne getirmek kyndyr. Gum obalarynda henize bu güne çenli daşdan, kerpiçden gurlan jaýlaryň öňünde türkmeniň ak öýüni dikip ýaşaýanlar bar. Öýüň ortasyndaky ojakda ýanýan sazak odunyň bir çetinde lakyrdap gaýnap duran tüňçe, közüň üstünde jyzyrdap bişýän kömelekler, gap böwürdäki syrçaly gorküýze, düýeleriň, köşekleriň bozlaýan sesleri biziň çagalykda aňymyza ornan üýtgeşik ýatlamalardy. Garagum diýlende, hemişe meniň gözümiň öňünde şu görnüşler janlanýar.

Serdar etrabynyň Ýylgynly obasyna her wagt görme-görşe gidenimizde, gumuň üýtgeşik tebigaty, çarwadarlaryň ýaşaýşy uly täsir galdyrýar. Sazakly, selinli oýlarda gumuň özboluşly aýratyn gözelligi özüne çekýär. Çägäniň üstünde nagyş ýaly bolup eýläk-beýläk uzap gidýän towşanyň, tilkiniň, her hili mör-möjekleriň yzlaryny ýalňyşman tanap bilýän gumlular sähranyň her depesiniň, oýunyň, takyrynyň aýratynlygyny kitap okan ýaly gürrüň berip bilýärler. Gum tebigatynyň, gumlularyň ýaşaýşynyň täsin wakalary hakda gyzykly söhbet edýärler. Her kakyň, takyryň, her bir guýynyň öz taryhy bar, nesilden-nesle geçip gelýän ýatlamasy bar. Şoňa görä, gumda bolup görmek, gyzykly dünýä syýahat eden ýaly.

Abadan MUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.