Ekologiýa diplomatiýasy

16 Iýun 2021
1450

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly syýasatynda ekologiýa howpsuzlygy, daşky gurşawyň abadançylygy, arassalygy, tebigy serişdeleriň aýawly we rejeli peýdalanylmagy, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini, baýlygyny gorap saklamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwletimiziň bu ugurda alyp barýan beýik işleri we geljegi nazarlaýan başlangyçlary dünýä halklarynyň bähbidine, halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Bütin adamzady tolgundyrýan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Garaşsyz döwletimiziň ýöredýän syýasaty, milli Liderimiziň öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýar. Munuň özi döwletimiziň syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ýurdumyz derwaýys ugurlarda, ýagny howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirine garşy göreşmekde, suw-energiýa serişdelerini aýawly peýdalanmakda we azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde halkara ýurtlary bilen guramaçylykly işleri alyp barýar. Şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň we senagat galyndylarynyň zyýanlaryny azaltmakda, Aralýaka sebitiniň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çemeleşmek arkaly çözmekde, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda ýurdumyzyň dünýä ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi wajyp ähmiýete eýedir.

Gülälek ATAHANOWA,
Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.