Möhüm meseleler maslahatlaşyldy

15 Mart 2021
1596

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher geňeşiniň bilelikde guramaklarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde maslahat geçirildi.

Partiýanyň ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzda gazanylan üstünlikler hem-de geljegi nazarlaýan maksatnamalar, olary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamalar barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Döwran MAGTYMOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.