Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan rowaýat

10 Mart 2021
1140

Atly bilen eşekli adam ýolda ýoldaş bolupdyrlar. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, eşekli atlydan onuň adyny, atasynyň adyny, nire barýanyny, aý garaz, hemme ýagdaýlary sorap bilipdir. Ep-esli ýÖrenlerinden soň, atly haly horjunynyň sag gÖzьnden bir gysym iri hozy alypdyr-da, eýeriň gaşyna urup dÖwьp, eşekle hÖdьr etmezden, iýip başlapdyr.

Eşekli atla garap: «Bir gysym hoz berseň, oňat akyl bereýin» diýipdir. Atly oňa bir gysym hozy eliniň tersi bilen uzadypdyr. Eşekli: «Bir adam bilen salamlaşanyňdan soň, derrew ol adamyň adyny soragyn» diýse, atly: «Men ony bilýerin» diýipdir. Ep-esli ýÖrenlerinden soň atly ýene-de horjunynyň sag tarapyna elini sokupdyr-da, ýagly çÖrek alyp iýip başlapdyr. Eşekliniň agzy suwaryp, oturyp bilmendir-de: «Dost, el ýaly çÖrek berseň, men saňa akyl bereýin» diýipdir. Atly eliniň tersi bilen el ýaly çÖregi uzadypdyr. Ýolagçy adam çÖregi alypdyr-da: «Şol adamyň nirede ýaşaýanyny soragyn» diýipdir, atly ýene-de Öňki sÖzьni gaýtalapdyr.