Ak çägede bitýän melhem

10 Mart 2021
819

(«Heňňam hekaýatlary» toplumyndan)

Şeýlekin durmuşy waka tas otuz ýyl mundan öňräk bolupdy. Garyndaşymyz — Gaýyp daýy meni gum içindäki Akmolla, Böwrüdeşik, Mürzeçyrla guýularyna äkitmäge döwtalap bolupdy. Ol şol döwürde Tagta (häzirki Görogly) etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk birleşiginde «ZIL» maşynyny sürýärdi. Çopan-çoluklar, umuman, gum içindäki daş-alys obalar üçin gerekli zatlardan tüýs çöle gaýym ulagynyň kuzowyny mas ýükläp gitse, bir aýlap diýen ýaly dolanmazdy. Geldigem, gapysy toýhana ýalydyr. Eli jomart, dili süýji kişi maşyna atylan çebişmi ýa-da toklyny derrew özi soýaga-da, deriden çykaryp durka-da, bagyr-öýkenini sogrup, «Baryň, derrew gazana atyň!» diýer. Mal pudarlanansoň gaýnatma bilen kebap bişjegem gürrüňsizdir. Bu şahandaz adam gum içlerine bäş barmagy ýaly beletdi.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.