Ynam ödelse ýagşy

4 Mart 2021
1563

Gurbannazar Ezizow ýaly at-owazasy arzuw edilýän belentlige göterilen şahyra «Ol meniň dostumdy» diýmäge töwekgellik edip biljek däl. Ýöne aramyzda gezip ýören wagty onuň özi bize dostlaşmagy teklip eden bolsa, biz onuň teklibini uly höwes bilen kabul ederdik.

Gurbannazar Ezizowyň «...Belki, bolan däldir otuzda dostum» diýen setirlerini okap, onuň jana-jan dostlarynyň biriniň örän ýokuş görendiginden meniň deň-duşlarymyň köpüsi habarlydyr. Her bir şahyr öz iliniň, ýurdunyň ogludyr. Şonuň üçin şahyryň döredijiligi baradaky gürrüňleri diňe öz şahsy gatnaşyklaryňa syrykdyrmak gelşiksiz bolar.

Atajan ANNABERDIÝEW.