Kämillige badalga

3 Mart 2021
1058

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitler, amala aşyrylýan beýik özgertmeler halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Diýarymyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda medeniýet ulgamy hem ösdürilýär. Merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli aýdym-saz sungatyny has-da düýpli öwrenmek we ony dünýä ýaýmak babatda-da giň gerimli işler amala aşyrylýar. Milli medeni mirasymyza, aýdym-saz sungatymyza belent hormat-sarpa goýýan, ony wagyz etmekde nusga alarlyk görelde görkezýän hormatly Prezidentimiz: «Bize häzirki döwürde milli aýdym-sazymyzyň öçmez-ýitmez beýikligini kalbyna siňdirip, dünýä halklarynyň aýdym-sazlaryny düýpli özleşdirýän hakyky zehinler, ussatlar gerek» diýip sargyt edýär. Biz hem şundan ugur alyp, yhlasly zähmet çekýäris, hemişe döredijilik gözleginde bolýarys. Etrabymyzyň çäginde ýerleşýän çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasyndan zehinlileri ýüze çykarýarys.

Islendik işde özara tejribe alyşmak kesp-käriňde kämilleşmäge oňyn itergi berýär. Şu hakykatdan ugur almak bilen, biz welaýatymyzyň beýleki etrapdyr şäherlerindäki kärdeşlerimiz bilen tejribe alyşmaga, ýörite okuwlary guramaga uly ähmiýet berýäris. Ine, ýakynda hem etrabymyzyň medeniýet-sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Milli medeniýetimiziň gadymy kökleri» atly usuly-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata etrabymyzyň ähli oba medeniýet öýleriniň işgärleri, çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlary we ýaşlar gatnaşdylar. Onda milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak barada giňişleýin çykyşlar diňlenildi. Şonuň ýaly-da şu ýyl biziň welaýatymyzda geçiriljek Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görmek, ýaşlary höwes edýän ugurlary boýunça gurnaklara çekmek barada hem pikir alşyldy we anyk iş ugurlary kesgitlenildi. Maslahata gatnaşanlar milli medeniýetimiziň Hak howandary bolan hormatly Prezidentimize döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Aganazar ANNAGELDIÝEW,
Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Magtymguly oba medeniýet öýüniň müdiri.