Zamananyň belent waspy

1 Mart 2021
1237

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze belentliklerine çykdy. Şol sanda milli medeniýetimizde hem oňyn özgertmeler bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerine, ynamyna jogap edip, biz — medeniýet işgärleri-de meýilleşdirýän işlerimiziň ýokary depginde amala aşyrylmagyny gazanmak ugrunda döredijilikli zähmet çekýäris. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleri bu ugurda zähmet çekýän ildeşlerimiziň üstünlikleri nazarlaýan ýollarynda şamçyraga öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy halkyň arasynda wagyz etmekde medeniýet, sungat işgärleriniň uly paýynyň bardygyny elmydama nygtaýar. Munuň özi bir tarapdan, ýurduň medeniýet-sungat işgärlerine bildirilýän belent ynam bolsa, beýleki bir tarapdan, milli Liderimiziň halkymyza bagyş eden ajaýyp zamanasynyň ösüşleriniň geljekde has-da uly gerimlere eýe boljakdygynyň anyk subutnamasydyr.

Geldimyrat KERIMOW,
Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesindäki medeniýet öýüniň müdiri.