Ynam, yhlas, ykrar

27 Fewral 2021
1287

Giriş ýerine. 1945-nji ýylyň 2-nji ýanwary. Magtymguly etrabyny etekläp oturan keremli daglar gar ýassanyp ýatyrdy. Sowuk habarlara ýapraklaryny tändirip, eginlerini gysyşan baglar mazaly burjy baglapdyr. Şemal, şol gün Handöwlet agalardan tapan ýakymly jägildisini aldajy sowugyna dolap oba aýlanypdy. Garasaý, perzent demine ýylynan Könekesir obasynyň ýumrugy artypdy.

Könekesir. Etrap merkeziniň 90 kilometr Gündogary, deňiz derejesinden, takmynan, 1700 metr belentlik. Sumbar sakasyna eňek basan obanyň tebigy gözelligine ilaty günlükçidi. Ol ýyllar gaz entek köp obalara barmandam. Her hojalyk gyş sowugyndan goranmak üçin güýz aýlary 2-3 sany ýük ulagyna mas basylan kerkawdyr arçalary odun edinerdiler. Daglaryň ýüki ýeňlärdi. Orta mekdeplerem şeýdip ýylydardylar.

Meýlis GARAJAÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby.