Dosta näçe serpaý etseň az ýaly... (Gurbannazar Ezizowyň doglan gününe)

26 Fewral 2021
950

«Gurbannazar — goşgusyny ýazardy, Nury — sazyny düzerdi, maňa bolsa olaryň guýmagursak zehininden dörän aýdymlary aýtmak paýy düşüpdi...» diýip, döredijilik duşuşygyna gelen Atageldi Garýagdyýew XX asyr türkmen edebiýatynyň poeziýa äleminde baky solmajak şygyr gülzarlygyny ýetişdiren şahyr Gurbannazar Ezizowyň döredijilik dünýäsi dogrusynda söhbedini özboluşly ýakymly owazy bilen dowam edýärdi. Halypanyň türkmeniň saz sungatynyň abraýyny arşa galdyran Nury Halmämmedowyň mukamlaryna bolan tükeniksiz söýgüsini onuň döreden aýdymlaryny ýerine ýetirişinden hem aňmak bolýardy. Ömrümiziň dowamynda indi ençeme gezek belent owazly Atageldi halypanyň aýdymlaryny janly diňlemek nesip etdi. Her gezek-de, (arzuwymy batyrgaýlyk bilen daşymdan aýdan gezeklerim hem bolupdy) näme üçindir, «Bir gün bag deý ýanyp-köýseň», «Iki agaç», «Maňa — seniň gözleriňden gitme ýok» ýaly aýdymlary aýdaýsa diýen arzuwlar serimde aýlanyp ugraýardy. Şonda köp garaşdyrman bu ýakymly aýdymlar ýaňlanyp, diňe biziň däl, oturanlaryň ählijesiniň kalbynyň jümmüşindäki syrly tarlaryny hem jana getiriberýändigine üns berdim. Aýdymlaryň jadyly täsirini diňleýjileriň gözüniň owasyny dolduryp oturyşlaryndan hem aňmak bolýardy. Beýnide biygtyýar köwsarlaýan agras gussa ýugrulan hakykat hem bakylyk pikirleri özüniň jadysyna gaplap alyp, hyýalyňy filosofiýanyň barlyk we illýuziýa dogrusyndaky gözbaşyna uçuryp goýberýär. Şonda ýazyjy aýtmyşlaýyn, arkamdaky «örküjimi — ganat» saýyp, üç gudratyň sazlaşykly sepleşen ýerine — behişdi mekana ýüzümi öwürmegi makul bilýärin. «Üç gudrat diýýäniň näme?» diýmäň, ol aýdyň zat ahbetin. Üç gudrat diýýänim şular bolmaly (bu meniň şahsy pikirim boýunça):

— kämil söz ussadynyň seslerden düzen sözi, sözlerden monjuk deý düzülen söz düzümleridir sözlemler, sözlemlerden bolsa çuňňur many-mazmuna ýugrulan şygyr bentleri;

Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy.