Watan mukaddesligi

24 Fewral 2021
1145

Watan hakynda aýdylmadyk aýdym, çekilmedik surat, ýazylmadyk goşgy ýok bolsa gerek. Aslynda, ömrümiziň manysyny, özenini düzýän Watandyr. Watanyň gadyr-gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýar. Watan seniň barlygyňdyr, arkaňdyr. Seniň ömrüň durmuş dowamlylygam öz ata Watanyňda örklenendir.

Ene topraga tagzym etmek, Watanyň mukaddesligini goramak her bir ynsanyň ömür beýanydyr. Döwletliligiň berk binýadam Watanda jemlenendir. Danalaryň biri aýtmyşlaýyn: «Watan bilen ildiris, Watansyz hiç kimdiris!».

Babamyrat JUMAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.