«Magtymguly» diýip, adyň tutsalar...

24 Fewral 2021
1228

Sungata baş goşan adamlaryň akyldar Magtymgulynyň döredijiligine ýüzlenmedikleri, «Magtymguly Pyragy» atly älemi açmaga höwes etmedikleri bir barmyka?! Ondan şahyrlar öz goşgularyna gönezlik, ylhamlaryna bat alsa, bagşy-sazandalar öz köňül joşgunlaryny hut Magtymgulynyň şygyrlaryndan teselli tapmak arkaly egisýärler. Suratkeşler bolsa, şahyryň döredijilik dünýäsine seýran arkaly göz öňünde janlandyran keşplerini ýoýman, ýitirmän eserlerine geçirmek arzuwy bilen ýaşaýarlar.

Diňe bir halkyň hakydasynda däl, eýsem, dünýäniň hakydasynda ýaşap bilmek, bu diňe bir öz adyň däl, eýsem, dünýä inen ýurduň, üstünde ömür süren topragyň, şatlygyňa-şatlanyp, gamly günüň derdiňi deň çekişen ildeşleriň adyny hem şol hakydada ýaşatmak diýmekdir. Elbetde, eger-de häzir Gündogaryň çäginde ýa bolmasa dünýä möçberinde bir edebi çärä gatnaşmaly bolsaň, senden beýik Magtymgulynyň Watanyndan gelendigiň üçin aýratyn üns bilen garaljagy, seniň eserleriňden kämillik ölçegleriniň gözleniljegi düşnükli. Bu bolsa eline galam alan her bir türkmeniň, ha uly bolsun, ha kiçi, ha zenan bolsun, ha erkek kişi, tapawudy ýok, öňünde uly borç goýýar. Ol hem — Magtymgulynyň dilinde ýazan şygryň ýüzüniň diňe kämillige tarap bolmalydygy...

Ýörite habarçymyz.