Nurgeldiniň kepderisi (Hekaýa)

22 Fewral 2021
1085

Nurgeldi ol günem ir oýandy. Ýuwnup-ardynyp, irki maşklaryny etdi. Soň ýene bir ýola ellerini sabynlap ýuwdy-da, saçak başyna geçip, ertirlik edindi. Oglanjyk dynç günlerinde öý-hojalyk işlerini edip, ene-atasyna kömekleşmegi halaýardy. Ýene şol endigi boýunça, daşaryk çykdy-da mallaryna ot, towuklara iým berdi. Birdenem, mal ýatagynyň ýanyndaky erik agajynyň şahasynda çyrpynýan guşjagaza gözi düşdi. Nurgeldi çakganlyk bilen agaja dyrmaşdy. Görse, ganatlaryny ýelken ýaly ýazan kepderijigiň aýagy inçe şahalara çolaşan eken. Ol janhowluna pytyr-pytyr edýärdi. Oglanjyk kepderini alyp, ýere düşdi-de, ejesiniň ýanyna ylgady. Şol barşyna aýasyndaky guşjagazy görkezip:

— Eje, eje, bu kepderijige seret, ol indi meniň guşum, men ony öýde idetjek — diýdi. Selbi gelneje ýaňy per biten kepderijigi siňe synlap, Nurgeldä şeýle diýdi:

Bagtyýar ŞAMYRADOW,
Tejen etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň okuwçysy.