Dili dogaly derwüş

17 Fewral 2021
770

Bu waka heniz adamlaryň tebigy hadysalaryň häsiýetine näbelet wagty, hat-ýazuwyň ýok wagty, hanlar han bolsalar-da, goşunlarynyň ýok wagty bolupdyr diýýärler.

Bir hanlykda adamlar öz erklerine işläp, ýaşap ýörüpdirler. Olar heniz ekin ekmegi gaty bir özleşdirip bilmän, diňe maldarçylyk, ýagny, çarwa günamaçylygy bilen günlerini dolapdyrlar. Olaryň esasy mallary goýun hem-de düýe bolupdyr. Adamlar belli bir hanlykda ýaşasalar--da, oturymly, ýagny, oba-kentlerde ýaşaman, mallaryna nirede öri meýdany bar bolsa, şol ýerlerik göçüp gidipdirler. Goňşy ýurtlar, halklar baradaky habarlary diňe ömrüni ylma beren gezende derwüşleriň üsti bilen bilipdirler.