Agzy — alla, ýüregi — tylla

17 Fewral 2021
710

Ünsümiň sowalgalarynyň azalýanyndanmy, bilmedim, ýöne eşidýän gyly gyrylmadyk täze gürrüňlerimiň sany artyp gidip otyr. Täze gürrüňem täze sowallary oýarýar. Hemişe-de “Gyzym saňa aýdaýyn, gelnim, sen düşün” edýän türkmeniň gürrüňleri aglaba aýlawly, öwrümli. Märekede aýdylan öwüdiň gyjalata barabardygyny bilýän: ýaşulular, sözlerini göni degişli adama gönükdirmän, çala kakdyryp, sowarak, diňe düşbiniň gursagynda gögär ýaly edip aýdýarlar. Onsoň, gepiň teýine kimler bada-bat, kimler hem soň-soňlar ýetýärler. Dogry düşünip bilmän, käte gepiň nädogry, ters manysynda ulanylmagy hem, megerem, şundandyr. Şu gezegem şeýle bolaýdy öýdýän...

Giň jaýyň töründe oturan ýerinden gelen bilen soraşyp, töwir-dogalaryň arasynda-da haýyr-yhsan, sogap-günä hakynda täsirli gürrüňler berip oturan ýaşulynyň söhbetinden aýrylmak kynam bolsa, işli bolamyzsoň, rugsat alyp turduk. Ugratmaga çykan işdeşimize märekä mugallym bolup oturan gowy ýaşulularynyň bardygyny, onuň bilen giňlikde çaýlaşmak isleýändigimi ýaňzydanymda, ol birhili gürrüň etdi: