Gündogaryň meşhur alymy

10 Fewral 2021
856

Hormatly Prezidentimiz gadymy we baý taryhymyzy, medeniýetimizi çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Paýtagtymyzdaky “Ylham» seýilgähinde halkymyzyň taryhy, medeni durmuşynda öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmegi hem muňa mysaldyr. Olaryň hatarynda geçmiş taryhymyzda mähriban Watanynyň we halkynyň öňünde uly hyzmatlary bitiren meşhur şahsyýetler bar. Şolaryň biri hem orta asyrlarda ýaşap geçen Burhaneddin Ahmetdir. Ol diňe bir türkmen halkynyň taryhynda, edebiýatynda däl, eýsem, beýleki halklaryň taryhynda, medeniýetinde öçmejek yz galdyran şahsyýetleriň biridir. Şeýle şahsyýetlerimiziň durmuş ýoly we döredijiligi bize gymmatly miras bolup durýar.

Bar bolan maglumatlara görä, Burhaneddin Ahmediň asly oguzlaryň salyr boýundan bolupdyr. Onuň nebereleri XIII asyryň başlarynda mongol ýörişleri döwründe Horezmden Anadolydaky Kastamonynyň töwereklerine ýerleşipdirler. Şol asyryň ortalarynda bolsa Kastamonydan Kaýsara göçüpdirler.

Hurma ÇOMMADOWA,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.