Ukyply serkerde, görnükli döwlet işgäri we ussat şahyr

8 Fewral 2021
1131

Muhammet Baýram han Türkmen hakynda söhbet

Şöhratly taryhymyza nazar aýlasaň, adynyň yzyna «Türkmen» tahallusy goşulyp, dürli döwletleriň syýasy durmuşynda möhüm orny eýelän şahsyýetleriň birnäçesini görmek bolýar. Şolaryň hatarynda Mürze Barhurdar Türkmen (XVI asyr), Isgender beg Türkmen (1560 — 1634), Muhammetguly Kutubşa Türkmen (1580 — 1611) we Muhammet Baýram han Türkmen (1498 — 1561) aýratyn orny eýeleýärler. Bu şahsyýetleriň arasynda Muhammet Baýram han «Türkmen» tahallusyny göteren şahslaryň iň görnüklisidir. Ýokarda sanap geçen şahsyýetlerimiziň ikisi döwlet işgäri we taryhçy, beýleki biri hökümdar hem şahyr bolsa, Baýram han Türkmen ukyply serkerde, görnükli döwlet işgäri, ussat şahyr hökmünde taryhda öçmejek yz goýandyr. Olar bir maksada — döwlete we çeper söze gulluk edipdirler.

Kuwwatberdi KAKAJYÝEW,
Mary welaýatynyň Murgap etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.