Magtymguly Pyragy — söz şalygynyň soltany

31 Ýanwar 2021
1616

Hormatly Prezidentimiziň golaýda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyrymyzyň ýadygärligini açmaga görülýän taýýarlyklar barada habar berilmegi beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň we milli edebiýatymyzyň beýleki nusgawy şahyrlarynyň ajaýyp eserlerine goýulýan hormat-sarpanyň tutuş dünýäde barha beýgelýändiginiň nyşany hökmünde köňüllerimizi buýsanja pürepürledi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriň birinde bina edilýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda onlaýn tertipde birnäçe duşuşyklaryň guralmagynda geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny, daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän çäreleriň Magtymgulynyň bahasyz edebi we pelsepewi mirasynyň giňden wagyz edilmeginde, umuman, dünýä halklarynyň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde möhüm goşanda öwrüljekdigini belledi.