Ol söz — ejedir

31 Ýanwar 2021
1028

«Sözleri köp gaýtalaberseň ähmiýeti ýitýär» diýýärler. Belki-de, dogrudyr. Ýöne şeýle bir söz bar welin, ony näçe gaýtaladygyňça gaýtalasyň gelýär, ýüregiňe-de giňlik aralaşýar. Çünki ol iň eý görülýän sözleriň biri bolan — eje sözi. Onuň her biriňize-de şeýle täsir edýändigine hiç hili şübhäm ýok. Şol sözi zybanyňa alan mahalyňda ol mähriban ynsanyň uzak aralyklary golaý edip, bozup bolmaýan serhedi böwsüp, ýanyňda bolmagyny isleýärsiň...

Ejeme bagyşlap täsin bir aýdym
aýdasym geldi-de, çykdym daglara.
Ýaňlanan badyna eje diýen söz
Gün lowurdap, guşlar gondy baglara.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
şahyr.