Şygryýet bossany

20 Ýanwar 2021
1378

WATANYM

Sallançagyň bady bilen ulalan,
Gujagyňda arzuwlarny tapan men.
Ömürlerden öwrümleri agtaryp,
Gijelerne hyýal bilen ýatamda
Güneşiň oýardy, parahat säher,
Sämäp duran serim telwasa salyp.
Meni giň gujagňa aýlady her gün,
Täzelik agtaryp köne zatlardan
Şeýdip seň goýnuňda ýaşalan ömrüm
Geçdi geljegime umyt ataryp,
Diňe seniň gujagyňda tapdym men,
Owunjak zatlardan beýigne çenli
Watanym!

Gülnar GELDIMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.