Aždar

18 Ýanwar 2021
1662

Hekaýa

Döwli çopan dagy onunjy gün diýlende goşlaryna gaýdyp geldiler. Ýöne eşegiň üstünde çopan taýagyny gujaklap, kese oturyp gelýän baş çopanyň ýüzünden gar ýagaýyn diýýärdi. Olaryň gelýänini uzaklardan gören Akbilek ýatan ýerinden sürä tarap ok bolup, atylyp gitdi. Muny görüp, süri bilen gelýän itler «wowf-da-wowf» boluşdylar. Itler bir salym biri-biri bilen ysgaşyp duransoňlar, Akbilek Döwli çopana golaýlaşyp, onuň eşeginiň daşyndan naýynjar çyňsap, aýlanyp başlady. Muny gören goja çopan eşeginden böküp düşüp, itiniň başyny sypalap:

Dädebaý NARTYÝEW.