Sazlaşykly tagallalar

12 Ýanwar 2021
1544

2021-nji ýyl — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki günlerinde meýdan işleriniň depginini güýçlendirmek babatda yhlasly zähmet çekýän Kaka etrabynyň oba zähmetkeşleri ýaz ekişine aýratyn jogapkärli çemeleşýärler. Olar şu günler gowaça hasylyndan boşan gektarlarda sürüm işlerini alyp barmak bilen, işiň hiline uly üns gönükdirýärler.

Etrap boýunça sürüm geçiriji tehnikalaryň 60-sy bu işe gatnaşýar. Etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatorlary özlerine berkidilen sürüm geçiriji traktorlaryň saz işlemegini gazanýarlar. Olaryň gündelik sürüm geçirilýän meýdanlarynyň hatarynyň barha artmagy bu möhüm çäräniň irki möhletlerde tamamlanmagyna şert döredýär.

Tawus BEKNAZAROWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň başlygy.