Milli medeniýet – kämil terbiýäniň gözbaşy

12 Ýanwar 2021
1941

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şu günüň wajyp talaplarynyň birine öwrülen gaýragoýulmasyz wezipeleriň biri bilimli, päk ahlakly, watançy ýaşlary terbiýelemek wezipesidir. Çünki şahsyýetiň kämilligi päk terbiýeden gözbaş alýar. Ylmy nazaryýetiň, tejribäniň şu günki gazananlarynyň talaplary esasynda geljegimiz bolan ýaşlary milli ruhda terbiýelemek belent sepgitleriň girewidir. Gahryman Arkadagymyz ýaş nesli ýokary ahlak, halallyk, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, kanagatlylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde pederlerimizden galan asylly däp-dessurlaryň, milli-medeni mirasyň aýratyn orun tutmalydygyny hemişe nygtaýar. Diýarymyzyň şöhratyna şöhrat goşjak, mukaddes ata Watany, ene topragy jany-teni bilen söýýän, giň gözýetimli, syýasy taýdan düşünjeli kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek beýik ösüşi üpjün etmek üçin saýlanylyp alnan takyk we dogry ýol bolup durýar.

Milli medeniýet halklary bir-birinden tapawutlandyrýan ruhy gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň milli medeniýeti halkyň däp-dessurlaryndan, milli ýörelgelerinden gözbaş alyp, ýaşlary terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir. Medeniýetiň gelip çykyşy, ösüşi, many-mazmuny baradaky düşünjeler hemişe akyldarlaryň, alymlaryň, edebiýat we sungat işgärleriniň ünsüni özüne çekip gelýär. Medeniýet ynsanyň ýüregindäki, aňyndaky ösüşlerden, özgerişlerden hem-de gözellikden gözbaş alýar. Şonuň üçin medeniýet adamyň kalbynda bolmalydyr. Çünki ol şahsyýetiň kämilligi, onuň ruhy, ahlak, gözellik, akyl derejesi bilen baglanyşyklydyr. Medeniýet milli däp-dessurdyr. Ol ynsanlaryň özlerini alyp barşyny kadalaşdyrýan, olary jemgyýete goşýan serişdedir. Şoňa baglylykda, medeniýet diňe bir daşky gözellik däl-de, eýsem hoşniýetlilikdir, işiňi sazlaşykly, ýokary derejede ýerine ýetirmekdir. Özüňi ruhy, ahlak, pähim, terbiýe tarapyndan baýatmakdyr, gözelleşdirmekdir.

Ogulşat HOMMADOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.