Ajaýyp kitaby okap...

6 Ýanwar 2021
1420

Pähime ýugrulan kitap

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan —– Bitaraplygyň mekany” atly kitaby türkmen halkymyza hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna sowgat boldy. Taryhy maglumatlara esaslanýan bu eser hormatly Prezidentimiziň eserleriniň üstüni ýetirdi hem-de Bitaraplygymyzyň beren miwelerini bize we geljekki nesillerimize giňişleýin beýan etjek kitap bolup elimize gowuşdy. Kitapda halkara we milli derejede gol çekilen Bitaraplyk hukuk derejesine degişli esasy resminamalar getirilipdir. Şeýle hem kitabyň sahypalarynda Diýarymyzyň taryhynyň möhüm wakalary beýan edilýär.