Maksat — futbolyň halkara derejesi

7 Sentýabr 2024
45

Ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda futbolyň ösüşini hem ýokary derejelere götermek üçin netijeli işler alnyp barylýar. Şol işleriň gurşawynda tälimçileriň we futbolçylaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn orun degişlidir. Şu günler ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasy (AFK) we Ýewropanyň Futbol federasiýalary birleşigi (UEFA) bilen bilelikdäki hyzmatdaşlygynyň çäklerinde futbol boýunça milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Mergen Orazow dünýä belli kärdeşi Roberto Martinesiň ýanynda iş tejribeligini geçýär. Futbol janköýerlerine mälim bolşy ýaly, tälimçi häzirki wagtda Ýewropanyň iň güýçli milli ýygyndylarynyň biri bolan Portugaliýanyň ýygyndysyna tälim berýär.

Dünýä belli tälimçiniň geçirýän türgenleşiklerine gatnaşmak üçin Mergen Orazow şu günler Lissabon şäherinde iş saparynda bolýar. Ol saparyň dowamynda milli ýygyndynyň Ýewropanyň Milletler ligasynyň täze möwsümine görýän taýýarlygynyň jümmüşinde boldy. Şunda ol ispaniýaly kärdeşi — baş tälimçi Roberto Martines bilen aýratyn duşuşyk geçirip, özara pikir alyşdy. Taraplar milli ýygynda futbolyň iň ösen talaplaryna laýyklykda tälim bermek boýunça tejribelerini paýlaşdylar.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».