Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň klub­la­ry­nyň tä­ze futbolçylary

6 Sentýabr 2024
38

Ro­nal­do­nyň tä­ze to­par­daş­la­ry

Sa­ud Ara­bys­ta­ny­nyň «Al Nassr» to­pa­ry «Çel­si­niň» 19 ýaş­ly win­ge­ri An­že­lo Gab­rie­li 23 mil­li­on ýew­ro trans­fer et­di. Bra­zi­li­ýa­ly fut­bol­çy arap­lar bi­len uzak möh­let­le­ýin yla­la­şyk ga­za­nyp, ol ge­çen ýy­lyň tom­sun­da «San­tos­dan» «Çel­sä» 15 mil­li­on ýew­ro trans­fer bo­lup­dy. An­že­lo ge­çen möw­sü­mi Fran­si­ýa­nyň «Stras­bur» to­pa­ryn­da kä­ren­de­si­ne ge­çi­rip­di. «Al Nassr» to­pa­ry «Le­ip­sig» klu­bun­dan 24 ýa­şyn­da­ky fran­si­ýa­ly go­rag­çy Mo­ha­med Si­ma­ka­ny hem dü­zü­mi­ne goş­dy. Er-Ri­ýad şä­he­ri­niň we­ki­li bu trans­fer üçin ne­mes klu­bu­na 45 mil­li­on ýew­ro be­rer. Si­ma­kan «Le­ip­sig­de» 3 möw­süm­de 122 du­şu­şyk ge­çir­di (7 gol). «Ko­rin­tians­dan» 19 ýa­şyn­da­ky bra­zi­li­ýa­ly hü­jüm­çi Wes­li­ni 4 ýyl­lyk şert­na­ma bi­len 19 mil­li­on ýew­ro trans­fer eden «Al Nassr» to­pa­ry çep gy­ra­ky bra­zi­li­ýa­ly go­rag­çy­sy Aleks Tel­le­si hem klub­dan ug­rat­dy. Arap klu­bun­da 1 möw­süm oý­nan 31 ýa­şyn­da­ky Aleks Tel­les ýur­du­nyň «Bo­ta­fo­go» to­pa­ry bi­len 2026-njy ýy­lyň 31-nji de­kab­ry­na çen­li şert­na­ma bag­laş­dy.