UEFA Çempionlar Ligasynyň täze möwsüminiň bijeleri çekildi

6 Sentýabr 2024
34

UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da tä­ze möw­sü­miň bi­je­le­ri çe­kil­di. Mo­na­ko­da ge­çi­ri­len da­ba­ra Jan­lui­ji Buf­fon bi­len Kris­tia­no Ro­nal­do hem gat­naş­dy. Hat­da bi­jä­ni ola­ryň iki­si çek­di. Buf­fon UEFA-nyň Pre­zi­den­ti­niň ýö­ri­te baý­ra­gy bi­len, Ro­nal­do bol­sa Çem­pi­on­lar Li­ga­syn­da iň köp gol ge­çi­ren oýun­çy bo­la­ny üçin ýö­ri­te baý­rak bi­len sy­lag­lan­dy.

UEFA-nyň iň uly klub ýa­ry­şy­nyň umu­my­lyk­da 70-nji möw­sü­mi bo­lup, UEFA Çem­pi­on­lar Li­ga­sy ady­ny ala­nyn­dan soň­ky 33-nji möw­süm ozal­ky­lar­dan üýt­ge­şik for­mat­da ge­çi­ri­ler. Gat­naş­ýan klub­la­ryň sa­ny art­dy­ry­lyp, 32-den 36-a çy­ka­ryl­dy. Şol bir wag­tyň özün­de du­şu­şyk­la­ryň sa­ny hem öň­kü­ler­den köp bo­lar. Adat­ça to­par­ça­la­ýyn tap­gyr­da klub­lar 6 du­şu­şyk ge­çir­ýän bol­sa, tä­ze gör­nüş­dä­ki li­ga tap­gy­ryn­da klub­lar 8 du­şu­şyk oý­nar­lar.