«Baýeriň» 35 oýunlyk ýeňlişsiz ýörişi tamamlandy

6 Sentýabr 2024
34

Bu ge­zek soň­ky mi­nut­lar­da gol bol­ma­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­ty «Bun­des­li­ga­nyň» 2-nji tap­gy­ryn­da ge­çen möw­sü­miň ýeň­liş­siz çem­pio­ny «Ba­ýe­riň» ja­dy­sy ta­mam­lan­dy. Öz meý­dan­ça­syn­da «Le­ip­si­g» bilen duşuşan «Ba­ýer» 1-nji ýa­ry­myň ahy­ryn­da Frim­pon­gyň (39) hem-de Gri­mal­do­nyň (44) gol­la­ry bi­len 2–0 öňe saý­lan­dy. Ýö­ne 1-nji ýa­rym ta­mam­lan­man­ka, «Le­ip­sig» Kamp­lyň (45+7) ta­pa­wut­lan­ma­gyn­da ara­ta­pa­wu­dy 1 go­la dü­şür­me­gi ba­şar­dy. 2-nji ýa­rym­da-da Loi Open­da «Le­ip­si­ge» ýe­ňiş ge­ti­ren oýun­çy bol­dy. Ol 57-nji hem-de 80-nji mi­nut­lar­da 2 owa­dan gol ge­çir­di. Ga­lan mi­nut­lar­da mun­dan öň 10-dan gow­rak du­şu­şyk­da soň­ky mi­nut­lar­da ýa ha­sa­by deň­län, ýa-da ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şa­ran «Ba­ýe­re» bu ge­zek şol dä­bi­ne eýer­mek ba­şart­ma­dy. Şun­luk­da, «Ba­ýer» «Bun­des­li­ga­da» 35 oýun­dan soň il­kin­ji ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. «Ba­ýer» «Bun­des­li­ga­da» soň­ky ge­zek 2023-nji ýy­lyň ma­ýyn­da utu­lyp­dy. «Ba­wa­ri­ýa» bol­sa öz meý­dan­ça­syn­da «Fraý­bur­gy» Har­ri Keýn hem-de To­mas Mül­le­riň gol­la­ry bi­len 2–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Du­şu­şyk­da 2-nji ýa­rym­da oý­na gi­rip gol ge­çi­ren To­mas Mül­ler mün­hen­li­le­riň kö­ýnek­çe­si­ni 710-njy ge­zek ge­ýip, bu ugur­da re­kor­dy tä­ze­le­di. Ozal­ky re­kord meş­hur der­we­ze­çi Sepp Ma­ýe­re de­giş­li bo­lup, ol 1962-1980-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da 709 du­şu­şyk­da «Ba­wa­ri­ýa­nyň» köý­nek­çe­si­ni ge­ýip­di.