Öňdelik meşhur toparda

4 Sentýabr 2024
41

Düýn Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 22-nji tapgyrynyň çäginde «Arkadag» bilen «Ahal» futbol toparlary duşuşdy. Ýaryş tertipnamasynda öňdäki orunlary eýeleýän iki güýçli toparyň arasynda paýtagtymyzyň «Nusaý» stadionynda bolan oýun diýseň çekeleşikli geçdi. Duşuşyk Arkadag şäheriniň adybir futbol toparynyň esasy bäsdeşini 5:1 hasabynda ýeňmegi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň çempion topary yzygiderli ýeňişleri bilen barha öňe ilerleýär. Ol çempionlyk ugrundaky ýaryşda iň ýakyn bäsdeşi «Altyn Asyrdan» 14 utuk tapawudy bilen öňde barýar.

Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» topary ýekşenbe güni Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrunda çärýek finalyň jogap duşuşygy üçin meýdança çykar. «Şagadamyň» myhmany boljak «Arkadag» topary birinji oýunda 3:0 hasabynda ynamly ýeňiş gazanypdy.

Gylyç GYLYJOW.
«Arkadag».