Dünýä çempionatyndan ýeňiş bilen

3 Sentýabr 2024
63

Wengriýanyň paýtagty Budapeştde kikboks boýunça ýetginjekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda welaýatymyzyň türgenleri üstünlikli çykyş edip, medallaryň 4-sine mynasyp boldular.

Bu yklym ýaryşynda Türkmenabat şäherindäki 9-njy sport mekdebiniň türgeni Jasur Ahmedow 37 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Ildeşlerimiziň ýene biri — Türkmenabat şäherindäki 3-nji sport mekdebiniň türgeni Serdar Bekenow bolsa 48 kilogram agram derejesine çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Dünýä çempionyny ýaryşa mekdebiň tälimçisi Ruslan Çöliýew taýýarlady. Işine ussat tälimçiniň türgenleriniň ýene-de ikisi bu halkara ýaryşynda öz ussatlygyny görkezip, bürünç medala eýe boldular. Ýagny Nepes Bäşimow 51, Salamathan Baltaýew 85 kilogram agram derejelerinde üçünji baýrakly orny gazandylar.

Ruslan PAÝZULLAÝEW,
welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň baş hünärmeni.