«Miras» ― bürünç medalyň eýesi

3 Sentýabr 2024
55

Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň futbol boýunça «Miras» zenanlar topary ýakynda tamamlanan Türkmenistanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.

Iki aýlawdan ybarat bolan ýaryşyň birinji aýlawy şu ýylyň aprelinde Aşgabatda, ikinji aýlawy ýakynda Maryda geçirildi. Tejribeli tälimçi Bagtyýar Jumabaýewiň şägirtleri çempionatda geçiren dokuz duşuşygynyň diňe üçüsinde ýeňlip, bir duşuşykda deňme-deň oýnadylar. Galan bäş duşuşykda bolsa olar garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňmegi başardylar.