Ýaşlar bilen döredijilik söhbedi

30 Awgust 2024
94

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň we «Türkmenistan», «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetleriniň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa žurnalistlerdir ýazyjy-şahyrlar, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýändigi we akyldar şahyryň döredijiliginiň dünýäde giňden wagyz edilýändigi medeniýet, sungat işgärleriniň ylhamyny has-da joşdurýar. Döwrüň sesine ses goşup, dana Pyragynyň arzuwlan berkararlygynyň amal bolan häzirki döwrüni wasp edýän söz ussatlaryny we olaryň şägirtlerini bir ýere jemlän döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar şanly ýylyň medeni, edebi galkynyşa beslenýändigi, öňde duran wezipeler, şol sanda toý-baýramlarymyza mynasyp sowgatly barmak hakynda pikir alyşdylar.

Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.