Wagyz-nesihat duşuşygy

29 Awgust 2024
110

Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrap bilim bölüminde zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek, umumymilli forumynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşykda çykyşlara giň orun berildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işleriniň ähmiýeti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri barada giňişleýin durlup geçildi. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Leýli ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tejen etrap birleşmesiniň işgäri.