Beýik söz ussady

28 Awgust 2024
86

On ýyl mundan ozal, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan eserleri ürç edip okapdym. Şol eserlerden eden köp sanly belliklerim häzirem meniň gündeligimiň sahypasyny bezeýär. Olaryň aglabasy dünýäniň beýik şahsyýetleriniňdir görnükli söz ussatlarynyň köňül nagyşlaryndan parçalar. Bellikleriň arasyndan käbirine ýüzlenesim gelýär.

...Magtymgulynyň täsirli sözleri asyrlarboýy saklanyp galar. Häzirki wagtda men şol sözleri Şekspiriň, beýik ukrain kobzary Taras Şewçenkonyň ölmez-ýitmez döredijiligi bilen deň derejede deňeşdirip bilerin.

Sülgün MYRATGELDIÝEWA.