Ygtybarly geljegiň berk binýady

28 Awgust 2024
52

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýaş nesli, olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna gadymdan bäri mahsus bolan ruhy-ahlak hem-de medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek milli strategiýanyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şeýle başlangyçlardan ruhlanyp, ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisi hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Halk Maslahaty Garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet bilen jemgyýetiň arasynda hyzmatdaşlygyň, jemgyýetiň jebisliginiň berk köprüsine öwrüldi. Döwletimiziň ösüşiniň iň möhüm wezipeleri, jemgyýetçilik durmuşynyň döwrüň talaplaryna görä özgerdilmeginiň ugur-ýollary baradaky anyk çözgütleri kabul etmegiň münberine öwrülen Halk Maslahatynyň mejlislerine gatnaşýan ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetiň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýän adamlar berkarar döwletiň ösüş ýollarynyň täze wezipelerine çuň düşünmek bilen, olary ýerine ýetirmegiň jogapkärçiligini ýürekden duýup, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, nesilleriň ygtybarly geljeginiň berk binýadyny döretmekde döwletimiziň mümkinçilikleriniň uludygyna göz ýetirýärler.

Ykballarymyza bagt nuruny çaýýan, halkymyzy has-da eşretli günlere ynamly alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Oguljahan TÖRÄÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.