Arkaýynlyk — bu bikär ýatmakdyr

28 Awgust 2024
92

Birsydyrgyn durmuş, gaýgy-aladasyz ýaşamak, gör, nähili oňat! Bu sözler gulaga her näçe hoş eşidilse-de, beýle durmuşda ýaşamak, o diýen gowy bolmasa gerek. Göz öňüne getirip görüň, ähli maksatlaryňyza, isleg-arzuwlaryňyza ýetmegiňiz özüňizi boşlukda ýaly duýmagyňyza sebäp bolmazmy?! Şeýle-de, eýsem, Ýaradan bu dünýäni biziň şeýle durmuşda ýaşamagymyz üçin ýaratdymy?! Elbetde, ýok! Emma näme üçindir, biz azarsyz-bizarsyz, arkaýyn ýaşamagyň arzuwynda. Jemgyýetde şeýle adamlar bar: olar ähli şertleri bar hem bolsa, bikär ýaşamakdan daşda durýarlar. Gaýta olar köpçülige peýdaly işleri bitirip, ýagşylyk medeniýetini ýaýmak isleýärler, kalplara ýagşylyk paýlaýarlar, ynsanlara kömek goluny uzadyp, halal ýaşaýşa ymtylýarlar. Şu ýerde bir kyssa ünsüňizi çekesim gelýär. Onda: «Melleginde müň batman hasyl alyp biljek bir kişi, diňe öz ýaltalygy we höwessizligi zerarly dokuz ýüz batman hasyl alsa, aradaky ýüz batmanyň hasaby ondan soraljakdyr. Ynsanlara peýdaly bolmakdan gaçýan, muny-da takwa we terkidünýälik hasaplaýan kişi, şeýtandan başgasyna uýan däldir» diýilýär. Bu aýdylanlar ýaşaýyş üçin hereketsiz bolmak däl-de, öz hereketiň bilen adamlara görelde görkezmek hakyndadyr. Şunlukda, dünýä geleniňden soň durmuşdan ýerlikli peýdalanmagy başarmaly we muny beýlekilere-de öwretmäge çalyşmaly.

Ýagşylyk medeniýetini ýaýradýanlar, esasan, döredijilik adamlarydyr. Ýazyjylar, şahyrlar, kompozitorlar, suratkeşler... bularyň ählisi öz döreden eserlerinde ýagşylyga tarap ýol görkezýärler. Döredijilik eserleriniň ählisi ynsanlaryň ruhy ahwallarynyň beýany. Ylaýta-da, kyssa žanrynda ýazylan eserler şeýle ýagdaýlary giňişleýin açyp görkezýär. Eserlerdäki baş gahrymanlar durmuşda öz ornuny tapmaga we halal ýaşamaga ymtylýarlar. Ýüze çykýan kynçylyklar gahrymanyň hereketleriniň üsti bilen çözlenýär. Ata-babalarymyz: «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okan dünýäni görer» diýip, ýönelige aýdan däldir?! Kitaplardaky wakalar durmuş tejribeleridir. Şolardan ugur alyp, geljekde diňe ajaýyp netijeler gazanmagy başarmalydyrys.

Rejepgeldi ALLAMYRADOW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger».