Ilkinji haýwanat baglary

28 Awgust 2024
39

1150-nji ýylda hytaý imperatory tarapyndan döredilen ilkinji haýwanat bagynda dürli görnüşli haýwanlaryň, guşlaryň we balyklaryň ençemesi saklanypdyr. Haýwanat bagynyň köpçülik üçin däl-de, imperatoryň göwnüni açmak maksady bilen esaslandyrylandygyny hem-de bu ýerde haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň saklanandygyny bellemek gerek. 1774-nji ýylda Madridde, 1793-nji ýylda bolsa Parižde köpçülik üçin niýetlenen haýwanat baglary açylýar.

Londonda ylmy derňew geçirmek maksady bilen, 1829-njy ýylda haýwanat bagy döredilýär. Bu janly muzeý 1847-nji ýylda bilesigelijiler üçin gapylaryny giňden açýar. Londonda suw jandarlarynyň täsin dünýäsini edil eliň aýasynda ýaly görkezýän akwarium 1853-nji ýyldan bäri köpçüligiň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Bu ýerde çagalar üçin niýetlenen haýwanat bagy 1938-nji ýylda açylýar.