Dürler hazynasy

28 Awgust 2024
98

(Hekaýa)

Dynç günüdi. Ejemdir kakam enemlere gidipdiler. Ýola düşmezden öňürti ejem maňa öýde etmeli işlerimi birinbirin düşündirdi. Içerileri süpürişdirip, mebelleriň tottozanyny aýyrmalydym. Dogrusy, men bu işlere werziş bolup gidipdim. Özümi bilelim bäri ejeme elaýak ýaly bolup kömek bererdim. Şol sebäpli höwes bilen işe girişdim. Ilki giň otaglarda ýazylan halylaryň üstüni tozan sorujy arkaly birkemsiz arassaladym. Soňra poly öl esgi bilen süpürdim. Indi gezek tekjeleriňkidi. Maňa bu iş has ýaraýardy. Kitaplar tertipli ýerleşdirilen tekjeleri arassalamak uly höwes bilen ýerine ýetirýän işimdi. Sebäbi ol kitaplar meniň «dostlarymdy». Hawa, hut şeýle. Olar meniň iň wepaly, iň mähriban syrdaşlarymdy. Kitaplaryň köpüsini gaýtalapgaýtalap okapdym. Bu gezek hem «dostlarymyň» ýanyna höwes bilen bardym. Kitaplaryň her birini mähir bilen elime alyp, olara siňen tozanlary yhlas bilen aýryşdyrdym.

Humarjan HASANOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.