Annadurdy mollaşahyry ýatlap

28 Awgust 2024
79

Meni ilkinji gezek atowazasy halkyň arasynda giňden ýaýran Annadurdy mollaşahyr bilen türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi «duşurdy». Bu, hakykatdanda, şeýle bolupdy. Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra şöhratly taryhymyz, halkymyzyň geçmişine şan getiren beýik şahsyýetlerimiziň bitiren beýik işleri, ömür ýollary ylmy esasda has giňişleýin öwrenilip başlandy. Bu tutumly işler bilen birlikde görnükli şahsyýetlerimiziň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, dogduk mekanlarynda heýkelleri oturdyldy. Açylyş dabaralarynyň döwlet derejesinde geçirilip, olara görnükli ýazyjyşahyrlaryň, alymlaryň, medeniýetsungat işgärleriniň gatnaşmaklary bolsa, bu çäreleriň gymmatyny hasda artdyrdy. Şeýle şowhunly dabaralaryň biri — serkerde şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň heýkeliniň açylmagy mynasybetli 1993nji ýylyň maý aýynda şol wagtky Garabekewül etrabynyň Soltanýazgala geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, ilat arasynda aýdylyşy ýaly, Soltanýaz begiň galasynyň deňinde, alysdan seleňläp görünýän gyryň üstünde geçirilipdi. Nusgawy şahyryň heýkeliniň açylyş dabarasyndan soňra hatara dikilen ak öýleriň birinde ilkinji gezek Annadurdy aga bilen tanyşmak, çaý başynda söhbetdeş bolmak bagty miýesser etdi. Onuň pespälligi, nurana ýüzüne kybapdaş sesi, gürrüň berýän wakasyna beletligi, söhbediň täsirli ýerlerini ýüzüniň ugruna goşgy bilen beýan etmegi bu ýere ýygnananlary özüne bendi etdi. Annadurdy aganyň sözleri ussatlyk bilen yzlyyzyna sepläp, badabat täsirli, haýrana goýujy goşgulary düzüp bilýän ussat şahyrdygyny öňden bilýänlerä lezzet almak bilen, ilkinji gezek görýänlerem haýran galmak bilen diňlediler.

Megerem, şol gün diňe meniň däl, eýsem, bu ak öýde döwre gurap, şahyryň agzybirlik, ynsanperwerlik, mukaddes milli däplerimiz baradaky söhbetlerini, ýüzugruna düzüp goşgy bilen aýdýan degişmelerini diňläp oturan ýaşuludyr ýaşkiçiniň hakydasynda hemişelik galan bolsa gerek. Çaý başynyň söhbedi ýurt Garaşsyzlygy, beýik şahsyýetlerimize, şol sanda, nusgawy şahyrlarymyza goýulýan hormatsarpa baradaky gürrüňler bilen uzalyp gitdi. Şonda Annadurdy aganyň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň çuňňur manymazmuny, onuň welilik bilen aýdan pikirleri, şahyryň syrly setirlerini çözläp, okyjylara ýetirmegiň wajyplygy barada aýdan sözleri onuň bu möhüm hemde sogap işi amal etmekligi berk ýüregine düwendigini aňladýar ekeni. Elbetde, bu çaý başynyň gürrüňi Watan mukaddesligini şirin janyndan ileri goýan serkerde şahyr Seýitnazar Seýdiniň, şeýle hem nusgawy şahyrlarymyz Zeliliniň, Keminäniň, Mollanepesiň, Şabendäniň... döredijiligi, olary täze garaýyşda öwrenmegiň zerurlygy baradaky pikirlere ulaşdy.

Agamyrat SOLTANOW,
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr.