Sahna eserleriniň bäsleşigi: Balkan welaýaty

23 Awgust 2024
136

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejesindäki çäreler ýokary guramaçylykly geçirilýär. Akyldar şahyrymyzyň ömür-döredijiligine bagyşlanan täze sahna eserleriniň, kinofilmleriň onlarçasy döredildi. Olarda dana Pyragynyň döredijiliginiň adamzat ähmiýeti, şahyryň öz halkyna, Watanyna bolan beýik söýgüsi, il-gününiň ykbalyna baglanan pelsepewi oýlanmalary, şeýle hem Magtymgulynyň ömür-döredijiligi barada alymlar tarapyndan ýüze çykarylýan täze maglumatlar sahna sungatynyň üsti bilen wasp edilýär.

Şu günler Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dabaralandyrmak maksady bilen, halk teatrlarynyň arasynda «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly döredijilik bäsleşigi dowam edýär. Ýakynda bu döredijilik bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry hem ýokary guramaçylykly geçirilip, oňa welaýatyň şäher we etrap medeniýet merkezlerinde, şeýle hem oba medeniýet öýlerinde hereket edýän halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň we halk gurjak teatrlarynyň 11-si gatnaşdy.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.