Medeni habarlar

22 Awgust 2024
142

Magtymgulynyň mirasy Moskwada

21-nji awgustda Moskwa şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp «Magtymguly, sözlär tili türkmeniň» atly konsert geçirildi. «Dostlary jemleýäris» atly XVIII Halkara aýdym-saz festiwalynyň çäklerinde Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasy tarapyndan guralan bu medeni çärä ýurdumyzdan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, bu ýokary okuw mekdebiniň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň 3-nji we 4-nji çagalar sungat mekdepleriniň mugallymlary, aýdymçy-sazandalary gatnaşdylar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Güljan ÝUSUPOWA,
Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.