Sirk sungaty

22 Awgust 2024
97

Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän taryhy binalarda tegelek görnüşdäki diňlere duş gelmek bolýar. Belki-de, biziň ýurdumyzda ýerleşýän Nusaý galasyndaky tegelek diň döwründe imperatorlyk derejesine ýeten Parfiýada häzirki ahalteke bedewleriniň nesilbaşysy bolan parfiýa atlary bilen tomaşa görkezilen binanyň galyndylarydyr?! Munuň şeýle bolmagynyň mümkindigini alymlar tassyklaýarlar.

Teatr, sirk sungaty parfiýa atlary bilen şöhratlanan bolmagy ahmaldyr. Diýmek, ajaýyp ahalteke atlarymyz miladydan öňki III asyrdan bäri sungat bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup gelýär. Ine, bu gün Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp Arkadag şäherinde Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň bina edilmegini kanunalaýyklyk hasaplasa bolar. Bu ýerdäki sirk hem ussat seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýär. Sirk 3 gatdan ybarat bolup, çykyşlary görkezmäge niýetlenen meýdançasynyň diametri 13, ýerden ýokary nokadyna çenli aralyk 26 metr. Binanyň esasy aýratynlygy nal şekilindeligidir. Sirkiň içinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman enjamlardyr tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy sirk tomaşalaryny göwnejaý guramaga mümkinçilik berýär. Sirkiň tomaşaçylara niýetlenen ýerleri 10 bölümçä bölünip, merkezi girelgäniň çep we sag taraplarynda çykyşlara tomaşa etmek üçin oňaýly şertler döredilen. Bellenilmeli ýene bir tarapy, bu sirk dünýäniň iri halkara bäsleşiklerinde 5 gezek ýeňiji bolup, behişdi bedewlerimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyran «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryny görkezýän esasy merkezdir. Müňýyllyklardan gelýän şeýle gözelligi — behişdi bedewleriň ajaýyp çykyşlaryny görkezýän täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki professional derejesi taýdan dünýäde ýeke-täkdir.

Dilber ATAJANOWA,
Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň hünärmeni.