Älem içre adam gezmez, at gezer...

20 Awgust 2024
134

Halk arasynda: «Gudrat göreý diýseň, daglara bar» diýen ýörgünli jümle bar. Dogrudanam, daglarda täsinlik köp. Diňe daglaryň däl, eýsem, dag etekleriniň hem gudraty ýeterlik. Indi biz dag tarapa göz aýlanymyzda, ol ýerde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň äpet heýkelini görýäris. Pyragynyň paýhas kämilligi daglaryň gudraty bilen utgaşyp, täsin bir sazlaşygy emele getirýär. Bu gün daglaryň etegine, Pyragynyň huzuryna seýil-seýrana bardym.

...Şol gün tebigat bolubilenini bolupdy. Ýaz ýagşy, birde, edil enemiň aýdyşy ýaly, gögüň gözi açylana meňzäp guýsa, birde maýdaja damjalar ýüzüňi mylaýym sypap gidýärdi. Şol barmana ýalpyldap çykan älemgoşaram tebigatyň bu görküne haýran galana meňzeýärdi. Baýyrlaryň ýaşyl öwüsýän keşbinde ýazyň has görkana gelendigi görünýärdi. Bu pursat gerişleri merjen-lagla gaýra dur diýdirýän daglaryň oý-hyýallaram sagy-soly gurşap alan wakalardan üzňe däl ýalydy.

Amangül NURMYRADOWA,
žurnalist