Döwürleriň danasy

20 Awgust 2024
123

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini belende göteren şahsyýetlerimizi düýpli öwrenmäge, umumadamzat bähbitli eserlerini gorap saklamaga, halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmaga aýdyň ýol açylyp, uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen topragy watansöýüji şahsyýetleriň mekany. Şol beýik şahsyýetler watanperwer ýörelgeleri, il-ýurt bähbitli işleri bilen atlaryny taryha altyn harplar bilen ýazdyrypdyrlar. Watansöýüji şahsyýetleriň arasynda ady parlak ýyldyz bolup lowurdaýan dana şahyr Magtymguly Pyragynyň miras goýan paýhas ummany umumadamzat jemgyýeti üçin haýyrlydyr.

Gündogaryň dana şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden çuň manyly şygyr eserleri, şol döwrüň nusgalyk gymmatly ýol-ýörelgesidir. Şahyryň eserleri durmuşda päk, halal ýaşamagy we ynsanperwerligi ündeýär. Söz ussadynyň dürli temadan ýazan şygyrlary durmuş akymynyň has-da güýçlenmegine getirýär. Umumadamzat bähbitli goşgularynyň üsti bilen öňe sürýän pikir-ideýalary arkaly özüni dünýä tanadan söz ussadyna halkara jemgyýetçiligi uly hormat-sarpa goýýar.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni, žurnalist.