Erşi — tar, çitimi — aýdym

20 Awgust 2024
107

Haly hakynda öň hem köp zatlar aýdylypdyr. Rowaýatlar, tymsallar, nakyllar döräpdir. Gahryman Arkadagymyz bu barada «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat» atly ajaýyp kitaplaryny ýazdy. Ine, şu ýagdaýlaryň özi hem halynyň diňe maddy gymmatlyk bolup çäklenmeýändigini, onuň halkymyzyň ruhy durmuşynda-da aýratyn ornunyň bardygyny aňladýar.

Halyçylyk sungatyna türkmen halkynyň durmuşynyň, häsiýetleriniň, dünýägaraýşynyň şöhlelenmesi diýip bolar. Ýaşaýşyň, dünýäniň gözelliklerini aýratyn ýitilik bilen duýýan, pany jahany elmydama oňyn tarapdan görüp, ähli ruhy, aňyýet, döredijilik güýjüni durmuşy gözelleşdirmäge sarp edip gelen halkymyzyň halyçylygy diňe bir sungat derejesine ýetirmek bilen çäklenmän, öz durmuşynyň köp taraplaryny, ýagny adamçylyk gatnaşyklary, ynsaplylyk, işe yhlas, sabyrlylyk, edep-ekram, hoşniýetlilik ýaly iň oňat häsiýetleri terbiýelemegiň, ýüze çykarmagyň inçe senedi hökmünde kämilleşdirendigi bellidir.

Amanbibi MUHAMMEDOWA,
žurnalist.