Şygryýet şalygynyň soltany

19 Awgust 2024
168

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň hersi taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz durmuşyň ähli ugurlarynda günsaýyn ösýär, täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen barýar.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedir. Täze taryhy döwürde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň belent boýly heýkeliniň dikilmegi şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň ussat şahyry, milli guwanjy, halkymyzyň buýsanjy beýik akyldar Magtymguly Pyragy diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň akyldarydyr.

Tylla ALLAMOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk kömegi müdirliginiň müdiri.