Ömrüň manysyny açýan eser

17 Awgust 2024
163

Gahryman Arkadagymyzyň egsilmez pähim-paýhasyny, baý durmuş tejribesini, giň dünýägaraýşyny özünde jemleýän «Ömrümiň manysy» atly eseri çuňňur filosofik many-mazmunly, taryhy, ruhy, medeni we geografik ensiklopediýadyr, ýol-ýörelge kitabydyr. Onda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ata Watanymyzyň taryhy, ony öz beýik işleri bilen şöhratlandyran şahsyýetler, halkymyzyň medeniýeti, jemgyýetiň ruhy-ahlak, ynanç-ygtykat hem durmuş ýörelgeleri barada söhbet edilýär, möhüm meseleler gozgalýar. Şol bir wagtda bu eser asyrlaryň dowamynda ençeme gymmatlyklary döreden halkymyzyň baý milli mirasy bilen içgin tanyşdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda halkymyzyň taryhy inçeden yzarlanylýar, geçmişiň, şu günüň, geljegiň baglanyşygy ussatlyk bilen açylyp görkezilýär. Eseri okaýarkaň, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň biziň bilşimizden has baýdygyna, giňdigine, çuňňurdygyna we dowamat-dowamdygyna göz ýetirýärsiň. Kitapda türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan däp-dessurlar, urp-adatlar, kadalar, mukaddes ýörelgeler jikme-jik beýan edilýär. Adam özüniň bütin ýaşaýşyny ömrüniň manysyny gözlemek bilen geçirýär. Haýyrly işleri, ýagşy göreldesi bilen kär-hünär saýlap, nesil ýetişdirip, ömrüni manyly ömre öwürmäge, daş-töwerekdäki adamlaryň hem durmuşyna many çaýmaga ymtylyp ýaşaýar. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda gazanan iň gowy tejribelerini, öwrenen, bilen zatlaryny, göz ýetiren, açan hakykatlaryny özgeler bilen paýlaşmak isleýär. Munuň şeýledigine «Ömrümiň manysy» diýlip, juda jaýdar atlandyrylan kitaby okanyňda, aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Azat GYLYJOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.