Mahmal köwüş (Hekaýa)

16 Awgust 2024
178

«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde ýaş ýigit dosty bilen kafeleriň birinde günortanlyk naharyny edinip otyrdy. Birdenem telefonyna jaň geldi.

— Bir minut, dostum — diýip, sypaýyçylyk etdi-de, saçak başyndan turup, eýwanyň ýanyna bardy. Eýwanyň diregine tirsegini goýup, gürleşmäge başlady. Bu onuň başlygydy. Ol ýaş ýigide nähilidir bir tabşyryklary berýärdi. Ikisi nobatdaky işi düşünişensoňlar, telefon öçürildi. Birdenem ýigidiň aşaky gatda köwüş dükanyna girip barýan tanşyna gözi düşdi. Ol dostuna ýene sypaýyçylyk bildirdi-de, aşaky gata tarap ýumlukdy. Uzagrakdan gyzyň bir köwşi synlap durandygyny gördi. Ýöne, näme üçindir, Melike bu köwşi satyn alman, dükandan çykyp gitdi. Ýigit birden özüniň tanalmagyndan heder edip, aňyrlygyna ädimledi. Gyz däliziň beýleki gapdaly bilen ýöräp gitdi. Ol töweregine ünsem berenokdy. Başagaýlykda bir topar adamlaryň arasyna siňip, ýigit onuň deňinden geçdi-de, hälki köwüş dükanyna girdi. Satyjy müşderi bilen mylakatly salamlaşansoň, näme hyzmat edip biljekdigini sorady.

Aýjahan ANNABAÝEWA,
«Dünýä edebiýaty» žurnalynyň bölüm redaktory.